SANLY GURŞAW

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini innowasion taýdan guramak, oňa sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary nazara almak bilen, dünýä döwletleriniň öňdebaryjy tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li bi­lim ojak­la­ryn­da, şol san­da umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar.        

Sanly bilimi ösdürmek ilki bilen bilim ulgamynda işleýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, döwrebap elektron serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň sanly başarnyklaryny ösdürmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň sanly sowatlylygynyň sanly giňişligine laýyk gelmegi örän uly ähmiýete eýedir. Her ýyl 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi bellemek bolar. Bu bolsa öz gezeginde ýaşlaryň çagalyk döwründen başlap, kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň göz öňünde tutulan işler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi bolan sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, sözlükler, okuw gollanmalary, okuw kitaplary, ýaly bölümleri bar. Bulardan başga-, bilim edaralarynda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet hyzmatlaryň üpjün edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda hem-de bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça okuw-usuly üpjünçiligiň sanly görnüşi  döredilýär.

Sanly bilimi ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamynda sanlylaşdyrylmagyna aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny sanlylaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda okaýanlara we olaryň ata-enelerine sanly bilim hyzmatlaryny (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) elýeterli etmek maksat edinýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdepleriň arasynda bilim tory hereket edýär. Döwrebap sanly gurşawyny gurmagyň netijesinde, bilim almagyň geografiki garaşlylygy aradan aýyrylyp, islendik ugurda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny hil taý­dan ýokarlandyrmak bu mö­hüm res­mi­na­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ony tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça uly möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Elekt­ron bilim gor­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni, ola­ryň ze­rur bo­lan mag­lu­mat­lar bi­len baý­laş­dy­r­ma­gy­ny mu­ňa my­sal hökmünde gör­kez­mek bo­lar. Gahryman Arkadagymyz dün­ýä yl­myn­da dö­re­di­len iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ylym, bi­lim ul­ga­my­na giň­den or­naş­dyr­ma­ga uly üns ber­ýär. Gah­ry­man Milli Liderimiziň ýaş nes­le bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, bi­lim ber­­şiň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň çuň maz­mun­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Häzirki döwürde dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­ly iş­ler gel­jek­ki ýaşlaryň ylym­ly-bi­lim­li, döw­re­bap dü­şün­je­li, giň gözýetimli adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şol sanly özgertmeleriň mümkinçiliklerinden ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, okuwlary innowasion usulda gu­ra­mak, täzeçe iş usul­la­ry­ny tej­ri­bä or­naş­dyr­mak her bir bi­lim iş­gä­ri­niň baş wezipeleriniň biri bolup durýar.

San­ly bi­lim ul­ga­my häzirki zaman jemgyýetiniň talabydyr. Ol sanly dün­ýä­de ýur­du­my­zyň mynasyp orny eýelemeginde öz­bo­luş­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şo­nuň üçi­nem biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: “Döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ki gül­läp ösüş­le­ri bi­lim­li, ylym­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ösen dü­şün­je­li, ukyp­ly ýaş­la­ra bag­ly­dyr” di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­rin­den ugur alyp, sanly maglumat aragatnaşyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan bi­lim­li hem-de ze­hinli ne­sil­le­ri bu sany; özgerişiklere taýýarlamak we dünýäniň sanly giňişligine netijeli utgaşmak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Mu­nuň üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den al­kyş aýd­ýa­rys! Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Annaýew Bagtyýar Muhammemyradowiç,

Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby