AR, VR tehnologiýalary


“AR, VR tehnologiýalary” —  Augmented reality (AR) (Дополненная реальность) Goşulan reallyk – real dünýäniň interaktiw (özara täsir ediji) tejribesi bolup, onda real dünýädäki obýektlara duýujylyk maglumatlary güýçlendirilendir. Ýa-da başgaça aýdanymyzda Goşulan reallyk – bu ulanyjynyň daşky real-dünýasi bilen real-wagt giňişlik maglumatlary goşup bitewleşdirmek mümkinçilige aýdylýar.
AR tehnologiýalary dürli göwrümlerde ulanylyp bilner: öý, edara, zawod şertleri üçin, şähere ýa-da tutuş dünýä üçin niýetlenen göwrümlerde.  
Virtual reality (VR) (Виртуальная реальность) Wirtual reallyk – doly hemmetaraplaýyn duýujylyk tejribeleri başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Munda ulanyjy “Oculus Rift” ýa-da “Google Cardboard” ýaly ýörite äýnekleri ýa-da kellä geýilýan toplumy ulanyp, kompýuteryň döreden giňişligine geçip gidýär.
AR we VR tehnologiýalary häzirki wagta dünýäniň ösen ýurtlarynda dürli pudaklarda giňden ulanylmagy ösüp barýan derejededir. Ykdysadyýetde, senagatda esasan hem telewideniýe, film döredijiliginde uly gyzyklanma döredip, AR we VR tehnologiýalaryň bu ugurlardan geljegi uly hasaplanýar.
AR we VR tehnologiýalary okuw kursunda diňleýjilerimize “Unity” atly programmada programmirlemäniň esaslary öwrediler, şeýle hem diňleýjilerimiz özleri AR app-y döretmegi öwrenerler.  3D modellere animasiýa bermek, 3600¬ wideolary işläp taýýarlamak we “Oculus quest 2” VR-enjamyna ýüklemegi öwrenerler.