
E-resminama dolanşygynyň esaslary
E-resminama dolanşygyň esaslary atly okuw kursymyz häzirki wagtda örän ýörgünli hasaplanylýan okuwlaryň biridir. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, önümçilik kärhanalarynda, başga pudaklaryň edara-kärhanalarynda gurnalýar. Bu ulgam ýurdumyzda resminamalaryň ýöredilişini bir standarda getirmek we kagyzyň tygşytly ulanylmagy ýaly maksatlary göz öňüne tutýar.
Bu okuw kursuna ýazylan diňleýjilerimiz “E-resminama” dolanşyk ulgamyny doly öwrenip bilerler. Mundan başga hem, bu okuwlarda bu ugura degişli bolan daşary ýurt tejribelerini hem özleşdirip, olaryň durmuşa geçirilşiniň aýratynlyklaryny öwrenip bilerler.