
Kiberhowpsuzlygyň esaslary
Kiberhowpsuzlyk, Kompýuter howpsuzlygy ýa-da maglumat tehnologiýanyň howpsuzlygy — kompýuter ulgamlaryny we torlaryny gizlin maglumatlaryň syzmagyndan, enjamlarynyň, programma üpjünçiliginiň ýa-da elektron maglumatlarynyň ogurlanmagyndan ýa-da zaýalanmagyndan, üpjün edýän hyzmatlarynyň näsazlyklaryndan we bökdençliklerinden goramak bilen häsiýetlendirilýär.
Kompýuter ulgamlaryna, interneta, şeýle hem Bluetooth we Wi-Fi ýaly radiotorlaryň standartlaryna baglylygyň yzygiderli ösmegi bilen, şeýle-de “smart” akylly enjamlaryň (smartfonlaryň, telewizorlaryň we “zatlaryň interneti”-ne degişli bolan dürli enjamlaryň) giňden ýaýramagy bilen bu uguruň wajyplygy dowamly ýagdaýda has hem artýar. Çylşyrymlylygy sebäpli, kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda hem syýasy, hem tehnologiki nukdaýnazardan iň möhüm meseleleriň biridir. (https://en.wikipedia.org/wiki/Computer_security)
Biziň Innowasiýa Maglumat Merkezimizde diňleýjilerimiz kiberhowpsuzlygy noldan başlap öwrenip bilerler, kiberhowpsuzlygyň esaslary barada düşünjesi bolanlar kiberhowpsuzlygyň soňky tapgyrlaryny okap bilerler: ýöriteleşdirilen we çuňlaşdyrylan görnüşleri.
Merkezimiziň kiberhowpsuzlyk kurslarynda siz parollaryň nähilli düzülýändigini, haýsy kodlar goýulsa has ykjam goragy döredýändigini, şeýle hem guramalaryň, edaralaryň tor ulgamlaryny nähilli ýagdaýda goralmalydygyny, müşderileriňiziň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini üpjün edilşini öwrenip bilersiňiz.