Innowasiýa Maglumat Merkezi – öz ýoluňy saýla!

 

Ýurdumyzda alnyp barylýan sanly bilim syýasatyndan ýörelge alyp, biziň Innowasiýa Maglumat Merkezimiz ýurdumyzyň Ýokary okuw jaýlarynda, orta-hünär okuw mekdeplerinde, orta bilim mekdeplerinde okatmagyň innowasion usullaryny girizmek, häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryň ulanylşyny öwretmek maksady bilen bilim edaralaryň mugallymlaryna we hünärmenlerine, halkara standartlara laýyk gelýän okuw kurslaryny okatmagy dowam edýär. Mundan başga-da öz bilim derejesini artdyrmak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak isleýän ýurdumyzyň islendik raýaty Innowasiýa Maglumat Merkezimizde özüne laýyk geljek köp sanly okuw kurslaryna ýazylyp biler. 
“Kiberhowpsuzlyk”, “AR, VR tehnologiýalary”, “Robototehnika”, “Sanly ykdysadyýet”, “Tor tehnologiýalaryň esaslary”, “E-resminama dolanşygynyň esaslary” okuw kurslary biziň merkezimiziň iň ýörgünli kurslarynyň käbirleridir.