Dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

18

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşiň we sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin saldamly goşant goşýar.

 

Türkmenistan Özbegistany iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem-de ygtybarly dost hasaplaýar. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köp asyrlyk ruhy medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy noýabrynda iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynda bolmagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy uly ähmiýete eýedir.

 

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýulýar. Şol geçen döwrüň içinde Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň iri, ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga hem uly üns berilýär.

 

Ogulnur DÖWLETÝAROWA,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.