GARAŞSYZLYK - ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
15

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bellenilýän ähli baýramçylyklar hem uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Watanymyzda halkymyzyň Baş baýramy – Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden belleniler. Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur, baýramlara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda we daşary döwletlerde baýramçylyk mynasybetli birnäçe möhüm çäreler geçiriler. Şeýle-de ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna dürli maksatly desgalar açylyp ulanylmaga beriler.
Belli bolşy ýaly, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllaryndan şu güne çenli ähli ugurlarda hem uly ösüşler, öňe gidişlikler gazanyldy. Elbetde, bu üstünlikleriň we ösüşleriň aňyrsynda bolsa, agzybir türkmen halkymyzyň jebisligi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň aladalary ýatyr.
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.
Garaşsyzlyk - baýramyňyz gutly bolsun!
Bahar ALLAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ magistranty.