Hasyl toýy — halkyň toýy

25

Zähmet üstünlikleri sarpalanýar

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi ýurdumyzda hem-de agzybir halkymyzyň durmuşynda möhüm seneleriň biri. Bu gün halkymyz oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, zähmet ýeňişlerini ýaýbaňlandyrýan hasyl baýramyny uly dabara bilen belleýär.

 

Pederlerimiziň “Çekseň zähmet —  ýagar rähnet” diýip belleýşi ýaly,  baýramçylyk günlerinde zähmetkeş daýhanlar çeken zähmetiniň miwesiniň hözirine görüp, uly hormata eýe bolýarlar. Zähmetsöýerligiň, jebisligiň  baýramy bolan hasyl toýunda oba hojalyk pudagynda ýylyň jemleri jemlenip, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüşine goşant goşan zähmetkeş daýhanlara döwlet sylaglary gowşurylýar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlarymyza, oba hojalyk işgärleriniň çeken asylly zähmetine  çäksiz hormat goýýandygyna şaýatlyk edýär.

 

 Ýurdumyzda pagta ýygymynyň dowam edýän möwsüminde ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren pagtaçylarymyzyň, zähmetkeş daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişi baýramçylyk dabarasyna dolýar. Öňdebaryjy oba hojalykçylarymyzyň her ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşmak bilen, oba hojalyk önümleriniň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrýarlar. Ýurdumyzyň çar künjeklerinde  geçirilýän bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öz içine alýan mowzuklaýyn sergiler, öňdebaryjylary daýhanlary sylaglandyryş dabaralary, ylmy-amaly  maslahatlar, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri bu günüň ähmiýetini barha artdyrýar.

 

Ine, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň “Ak öý” binasynyň öňündäki meýdançasynda Hasyl toýy baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäre welaýatymyzyň il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň, talyp ýaşlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýörite taýýarlanan meýdançada welaýatymyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünliklerini açyp görkezýän  oba hojalyk önümleriň, şeýle hem welaýatymyzyň heýkeltaraşlarynyň, zergärleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri, türkmen milli oýunlary, milli göreş boýunça pälwanlaryň we ýaş türgenleriň çykyşlary görkezildi. Şeýle-de, bu ýerde gurnalan amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny hem-de durmuşyny beýan edýän sergi we milli tagamlaryň taýýarlanylyşy  dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Merkezi sahnada ýokary derejede gurnalan dabara welaýatymyzyň teatr we folklor toparlarynyň bilelikde taýýarlan çykyşlary aýratyn mana eýe boldy.

 

Zähmet üstünliklerimiziň jemini jemleýän baýramçylyk-çäreleri, toýdur-dabaralar bu günüň türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.  Şeýle toýlaryň ýygy-ýygydan geçirilip, dabaraly bellenilmegi, oba hojalyk pudagynyň gülläp ösmegine itergi berer. Goý, babadaýhanlarymyzyň çeken zähmetiniň oňyn miweleri rysgal-berekediň altyn çäji bolup, milletimiziň agzybir suprasyny bezesin! Hasyl toýyňyz gutly mübärek bolsun eziz ildeşler!

 

Gözel EMINOWA,

Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk

urşy muzeýiniň ylmy işgäri.