MEŞHUR EMELI INTELLEKT MODELLERI HAKYKY WE GALP (ÝALAN) HABARLARY TAPAWUTLANDYRMAGA ÝARDAM EDER

Wiskonsin-Stout uniwersitetiniň alymy iň meşhur döredijilik emeli intellekt modelleriniň hakyky habarlary galp (ýalan) habarlardan tapawutlandyrmak ukybyny deňeşdirdi. Derňew, Chat GPT-4.0-iň bu meseläni iň oňat çözýändigini görkezdi.
Gözleg üçin alymlar iň meşhur dil modelleriniň dördüsini, Google-yň Bard AI-de ulanýan LaMDA-nyň açyk AI, LaMDA tarapyndan işlenip düzülen Chat GPT-iň (3.5 we 4.0) iki görnüşini we Microsoft-dan Bing AI-ni aldylar. Her bir model, ozal hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilen we olaryň dogrudygyny, ýalandygyny ýa-da bölekleýin dogrudygyny anyklamak üçin şol bir täzelikler bilen tanyşdyryldy.
Garaşsyz edaralar tarapyndan berlen tassyklanan faktlar bilen deňeşdirilende modelleriň öndürijiligi, bu habarlary näderejede takyklaşdyrandyklary bilen ölçeldi, diýip barlagy geçiren alymlaryň biri Kewin Matte gürrüň berýär.
Derňew, açyk AI-den dil modeliniň iň soňky wersiýasy bolan Chat GPT-4.0 berlen habar nusgasynda iň gowy netijeleri görkezendigini bildirdi. Teklip edilýän tekstleriň 71% -ini dogry bölüp bildi. Galan üç model, 62-64% ýagdaýynda dogry jogap bermegi başardy.
Bu bolsa, şeýle ulgamlaryň netijeliliginde kem-kemden ösüşi görkezip biler. Ýöne galp habarlaryň has giň nusgasynda goşmaça synaglar hem gerek bolýandyr. Mundan başga-da, şu wagta çenli ähli modeller fakt barlaglaryny geçirýän hünärmenlerden pesdir. Gözleg awtorlarynyň pikiriçe, geljekde modelleriň güýçli taraplary hünärmenlik ukyplary bilen birleşdiriljek simbiotik çemeleşme bilen ulanylyp bilner.
Aýgül ALLANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili
we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.