OKUWÇYLARYŇ OKUWA BOLAN ÜNSÜNI ÝOKARLANDYRJAK TÄZE ULGAM OÝLANYP TAPYLDY

 

Moskwa şäher pedagogika uniwersiteti okuwçylaryň ösüşini yzarlap bilýän täze ulgamy durmuşa geçirdiler. Bu nerw ulgamy diňleýjiniň ähli maglumatlaryny seljerer hem-de synaglar bilen bagly belliklerini hödürlär.

Döwrebap ulgam kämilleşmeýänleriň ýakyn wagtda okuwdan çykarylyp bilinjekleri hem kesgitlär. Emeli aň peýdalanylyp döredilen bu kämil ulgam professor-mugallymlary sapak wagtynda diňlemeýänleri hem yzarlap bilýär. Bularyň ählisi synp otaglarynda ornaşdyrylan kameralaryň kömegi bilen ýerine ýetiriler.

— Ulgama emeli aňyň ornaşdyrylmagy netijesinde bilim edaralarynyň ýolbaşçylary yzygiderli okuwçylaryň ösüşine baha berip bilerler. Yza galýan okuwçylary okuwdan çykarylmagynyň öňüni almak üçin olar bilen aragatnaşyk gurup bilerler — diýip, Moskwa şäher pedagogika uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary we hyzmatlar bölüminiň müdiri Roman Kupriýanow aýtdy.

Okuwçylara ulgam tarapyndan berilýän çaklamalar bilim edarasynyň resmi web sahypasynda açylan şahsy hasaplarda görüp bolýandygy habarda bellenýär.