Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

107

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşlygynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň türkmen halkyny, aýratynda, esasan-da, ýazyjy şahyrlary buýsandyrýandygyny aýtdy.

 

Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada täze goşgy setirleri döredendigini aýtdy we bu ajaýyp goşgusyny okap berdi.

 

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

 

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
Kömegine mätäçlere — Taňrynyň hemaýaty,
Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

 

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

 

Bu goşguda Arkadagymyz beýik türkmen şahsyýetine halkymyzyň arasynda we dünýäde nähili hormat goýulýandygyny görkezmegi başarypdyr.

Akyýewa Aýnur,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we 

edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.